TEHNOLOGIÝA

“Real Madridiň” futbolçylaryna elektrikli ulag sowgat berildi

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň futbolçylaryna toparyň hemaýatkärlerinden “BMW” kompaniýasy tarapyndan elektrikli awtoulag sowgat berildi. Toparyň düzümindäki esasy futbolçylar we toparyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti täze ulaglarynyň eýesi boldy.

Bu barada toparyň resmi saýtynda hem bellenilip geçilýär. Şa kluby sowgat berlen awtoulaglarň ýanynda surata düşen futbolçylaryň suratlaryny özüniň resmi jemgyýetçilik torlarynda halk köpçüligine ýetirdi. Toparyň düzümine goşulan ýaş türk futbolçysy Arda Güler hem bu sowgatdan öz paýyny aldy.

“Real Madrid” toparynyň futbolçylary “BMW i4 M50”, täze “BMW i4 eDrive35:, ilkinji “BMW XM”, “BMW iX M60” we “BMW IX xDrive50” kysymly ulaglardan saýlap aldylar. Bu ýokary öndürijilikli, ekologiýa taýdan arassa awtoulaglar iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda öndürildi.

Bu ulaglar bir gezek zarýad berlenden soňra 80-100 kilometr aralygynda menzil geçip bilýärler. Futbolçylar gündelik durmuşynda bu ulaglardan peýdalanyp bilerler, sebäbi ulaglaryň zarýad mümkinçiligi toparyň binasynda hem bar.

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy