DÜNÝÄ

Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky işjeňligine ýokary baha berildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdürliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda Ýokary Komissaryň bosgunlar bilen bagly dünýädäki häzirki ýagdaý baradaky hasabatyna, Hemişelik komitetiniň bu babatdaky halkara goldawy we degişli maksatnamalary baradaky hasabatlaryna, şeýle hem mejlise gatnaşýan wekiliýetleriň hasabatlary diňlenilýär.

Türkmen tarapynyň  çykyşynda bosgunlar, şol sanda, olary goramak we olara zerur bolan şertleri döretmek, olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça meseleler babatynda ýurtlaryň BMG bilen, hususan-da, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdürligi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň wajyplygy nygtaldy. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasaty, durmuşa geçirýän taslamalary we maksatnamalary, şeýle hem ýakyn gelejek üçin meýilleşdirilen çäreleri barada  aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahat barada aýratyn belläp geçdi.

Bu babatda, Ýokary komissar Türkmenistanyň Hökümetine BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barýan ýakyn hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirmek bilen, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sebit maslahaty baradaky başlangyjyny goldady. Mundan başga, Ýokary komissar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde bosgunlar we raýatsyzlyk bilen bagly ähli Konwensiýalara goşulan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrunda görkezýän işjeňligi we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada aýratyn belledi.

Mejlis öz işine şu ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri