DÜNÝÄ

Biri-birine duýdurýar

Ýaponiýaly alymlaryň ABŞ-da çap edilen bir ylmy žurnalda çap edilen makalasynda käbir ösümlikleriň biri-biri bilen «habarlaşýandygy», golaýlaşýan howplar barada «duýdurýandygy» aýdylýar.

Hususan-da, şeýle aýratynlyk pomidor bilen mekgejöwene degişlidir. Şeýle «habarlaşma» olara zyýan beriji mör-möjekler bilen baglydyr.

Geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, ekinler beýleki bir ekiniň zyýan berijilerden goranmaga bolan ukybyny güýçlendirmegi üçin mümkinçilik döredýär. Ýagny beýleki bir ekin goranyşa taýýarlanýança, zyýan berijileri özünde saklamaga çalyşýar. Bu «galkan» şol bir görnüşli ekinleriň arasynda has güýçlüdir. Geçirilen barlaglar käbir ösümlikleriň zyýanly mör-möjekleriň hüjümlerine garşy üýtgäp durýan himiki serişdäni bölüp çykarýandygyny görkezdi.

Emma bu ýagdaýyň nähili ýol bilen bolup geçýändigi heniz alymlara nämälim.    

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

Ýene-de okaň

Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

Japarow: Gyrgystan Daglyk şäherleriň halkara assosiasiýasyny döretmek başlangyçy bilen çykyş edýär

Özbegistanyň Prezidenti WUF15 forumyny täze Daşkentde geçirmegi teklip etdi

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy