Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyz Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine baryp, bu ýerdäki işler bilen tanyşdy, şeýle hem paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň çyzgylary bilen tanyşdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyndaky ozaldan gelýän hyzmatdaşy türkiýe işewür Ahmet Çalygy kabul etdi.
Türk işewüri, türkmen halkynyň Milli Liderini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady.
Şeýle hem işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan gurluşyk taslamalary barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri türk kompaniýalarynyň ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşýandygyna uly kanagtlanma bildirdi.
Türk işewüri özüniň ýolbaşçylyk edýän “GAP Inşaat” kompaniýasynyň Aşgabatda gurluşygyny alyp barýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli taslamalary ýokary derejede gurup, bellenilen wagtynda ulanmaga doly taýýar etjekdikleri barada ynandyrdy.
