DÜNÝÄ

Awstriýada Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Awstriýanyň ykdysady edarasynyň gurnamagynda ýörite tegelek stol duşuşygy geçirildi. Şol duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumat berildi.

Bu duşuşyga Awstriýanyň hökümetiniň resmi adamlary, şeýle hem öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy. Arkadag şäheri Awstriýanyň kompaniýalarynda uly gyzyklanma döretdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň işewürler topary Awstriýada saparda boldular. Wekiliýetiň düzüminde hökümet agzalary bilen bir hatarda käbir kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar. Saparyň maksady gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlykdan ybaratdyr.

Wekiliýeti agzalary Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet boýunça federal ministrliginde we Ykdysadyýet edarasynda duşuşyklar geçirdi. Gepleşikleriň barşynda gurluşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri