Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarynda, hususan-da, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Yragyň Hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormatyny we salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen barmaga taýýardygy bellenildi.
Türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen giňişleýin gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazy goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Şunda yrak tarapy türkmen gazyny her ýylda 10 milliard kub metre golaý möçberde kabul etmäge taýýardyr. Bulardan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Taraplar şu ýyl Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.