IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas”: täze iş ornuny hödürleýär

Gyýanly obasynda işlemek üçin bölüm kömekçisi (ýük gatnawlaryny guramak).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: orta bilim ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: degişli pudakda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmasynda işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PC(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Related posts

Lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça bäsleşik

Ata Watan Eserleri

Halkara bäsleşik: suw howdanyny gurmak