MEDENIÝET

Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň 45-nji mejlisinde “Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesi” ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna girizmek barada degişli çözgüt kabul edildi.

Bu mejlisiň işine Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän “Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesi” atly transmilli hödürnama ÝUNESKO tarapyndna kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegiň çarçuwasynda, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ýygjamlaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandyr. ÝUNESKO ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri we onuň bilermenleri bilen köpýyllyk bilelikdäki işleriň netijesinde Türkmenistan medeniýet, bilim, ylym, ekologiýa ýaly ulgamlarynda ähmiýetli görkezijileri gazandy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri