MEDENIÝET

23-nji aprel Bütindünýä kitap gijesi

Dünýäniň belli bir künjeklerinde her ýylyň 23-nji aprelinde Bütindünýä kitap gijesi bellenilip geçilýär. Bu sene dünýäde kitap okamagy söýýänler üçin milli kitap baýramçylygydyr. Bütindünýä kitap gijesinde maşgala bolup bir kitaby okamak, ýa-da özüň şahsy bir kitaby okamaga başlamak ýaly oňat häsiýetler ündelýär. Bu gijede eger-de kitap okap bilmäge mümkinçiligiň ýok halatynda hem audio kitaplary diňlemek maslahat berilýär. Bu baýramçylyk  esasan hem ýaş nesilleriň arasynda kitaba bolan söýgüni artdyrmak, döredijilige höweslendirmek maksady bilen döredildi. Bu senede dünýäde iň köp okalýan kitaplaryň sanawy düzülip, okyjylara ýetirilýär, olara şol kitaplary okamak maslahat berilýär.

Related posts

“Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasy gurlar

Moskwaly sirk ussatlary Aşgabatda myhmançylykda

Atageldi Garýagdyýew 70 ýaşady