15-19-njy oktýabr aralygynda Duşanbe şäherinde «Toji Somon» film festiwaly geçiriler. Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanan festiwala Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşar. Halkara döredijilik çäresinde «Gyzyl kürte» çeper filmi görkeziler.
Täjigistandaky film festiwaly ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlangyjy bilen “Täjikleriň ösüş taryhy” şygary bilen geçiriler. Forumyň bellenen maksady döredijilik ýaşlaryny goldamak, tejribe alyşmak, ýaş kinoreersissýorlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, içerki we daşary ýurt filmlerini kino söýüjilerine hödürlemek, bilelikde önümçilik taslamalaryny ösdürmek, syýahatçylyk ugurlaryny hödürlemek, kino pudagynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmekden ybaratdyr.
Film festiwaly çeper we gysga metražly filmlerde bäsdeşlik maksatnamalaryny öz içine alýar. Festiwala gatnaşmak üçin filmleri saýlamak häzirki wagtda alnyp barylýar we Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan filmleriň kabul edilmegi dowam edýär.
Geňeş eýýäm Eýrandan, Belarusdan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdan 25-den gowrak filmi saýlap aldy.
Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» çeper filmi dünýäniň birnäçe künjeginde Medeniýet günlerinde, film festiwallarynda görkezildi.
