MEDENIÝET

Türkmen kinematografiýaçylary Magtymguly Pyragy barada filmleri surata düşürip başladylar

Türkmen we dünýä edebiýatynyň XVIII asyr nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmek işleriniň çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi akyldar şahyryň döredijilik mirasy we onuň beýleki medeniýetlere täsiri barada dokumental filmleri surata düşürmek taslamalary durmuşa geçirip başlady.

Režissýor Batyr Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji kino topary eýýäm bu ýerlere baryp gören türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ady bilen baglanyşykly bolan Astrahan oblastyna ugrady.

Çeşmelere görä, Magtymgulynyň goşgularynyň rus dilindäki ilkinji kitaby hut şu ýerde 1912-nji ýylda neşir edilipdir.

Häzirki wagtda Astrahanda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bar we Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen gurlan mekdep onuň adyny göterýär.

Russiýa tarapy Aşgabatly kino topary üçin uly maksatnamany taýýarlady. Oňa laýyklykda, kinotopary Funtowo obasyna barar we ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeşlik ederler, şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde we beýleki ýerlerde bolarlar.

Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek üçin eýýämden taýýarlyk işleri başlandy. Onuň çäklerinde dürli çäreler, şeýle hem tegelek stollar, maslahatlar, şahyrana agşamlar, teleköprüler geçirmek meýilleşdirildi.

Režissýor Maksat Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ikinji toparyň döredijilik sapary 30-njy awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasyna bolar.

Azerbaýjanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi.

Şeýlelik bilen şu ýylyň fewral aýynda Bakuda «Magtymguly Pyragy ̶ dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» ady bilen ylmy we amaly maslahatlar, akyldar şahyryň edebi agşamy geçirildi. Olara ylmy we döredijilik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem onuň döredijiliginiň muşdaklarynyň köp sanlysy gatnaşdy.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde aýdylyşy ýaly, Magtymguly Pyragy hakyndaky dokumental filmleri surata düşürmek üçin kino toparlaryny Özbegistana, Eýrana we Türkiýä ibermek hem meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy