BILIM

Amerikada bilim : Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin esasy Fulbraýt maksatnamasy

Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy- bu tejribeli hünärmenler, uniwersitetleriň mugallymlary we on ýyl ýa-da ondan ýokary iş tejribeleri bar bolan ylmy işgärler üçin niýetlenen maksatnamadyr. Bu maksatnama ähli ugurlar boýunça giň göwrümli mowzuklar, ýagny ylym, tehnologiya, inžiniring we matematika (STEM), bilim we beýleki okuw ugurlaryndan arzalary kabul edýär.

Tutuş bir okuw ýyly üçin (iki semestr) goldaw talap edýän dalaşgärler ylmy-barlag işleriniň wagt boýunça bölünen takyk tertipnamasyny görkezmelidirler. Grantyň gutarýan günleri kabul edýän ýokary okuw jaýynyň okuw tertibi bilen deň gelmelidir we meýilnamanyň umumy dowamlylygy 10 aýdan ya-da iki okuw semestrinden artyk bolmaly däldir.

*Bellik: Hukuk ugry boýunça tabşyrýan dalaşgärler diňe bir semestr okarlar. Medisina ugry boýunça geçirilýän ylmy-barlag işlerde hassalar bilen gatnaşyk edilmeli däldir.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Saýlap alan ugry boýunça azyndan 10 ýyl iş tejribesi
  • Dalaşgär ABŞ-da teklip eden ylmy işini alyp barmaklygy üçin iňlis dilini suwara bilmelidir
  • Dalaşgäriň hünär aýratynlyklaryna baha berip biljek adamlardan  üç (3) sany rekomendasiýa hatlary
  • Ylmy-barlag işiniň hödürnamasyny öz içine alýan, doly ýagdaýda doldurylan maksatnamanyň soragnamasy. Üns beriň, Iki semestrlik meýilnama tabşyrýan dalaşgär alyp barjak ylmy-barlag işleriniň wagt boýunça bölünen  takyk tertipnamasyny tabşyrmalydyr; bolmasa, olaryň meýilnamasy awtomatiki usulda bir semestre gysgaldylýar
  • Dalaşgär Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr we soragnamany tabşyrýan döwri Türkmenistanyň çäginde ýaşamalydyr we işlemelidir.

Fulbraýt maksatnama gatnaşmaga hukugy ýok adamlar: (Fulbraýt maksatnamasynyň ÄHLISINE degişli):

  • ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň weABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) işgärleri we ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan hemaýatgärlik edilýän haýsydyr bir alyş-çalyş maksatnamanyň gatnaşyjylaryny belleýän ýa-da saýlap alýan gurama degişli bolan adamlar işleýän dowürlerinde we işden çykanlaryndan soň bir ýylyň dowamynda Fulbraýt grantlaryny almaga hukuklary ýokdur.
  • Ýokarda agzalan adamlaryň gönüden-göni maşgala agzalary we olaryň eklençlerinde bolan çagalary hem maksatnama gatnaşyp bilmezler. Bu kada özleriniň ene-atalaryndan aýra we garaşsyz ýaşaýan uly ýaşly çagalara degişli däldir.
  • ABŞ-nyň raýaty ýa-da ABŞ-da hemişelik ýaşamaklyga (grin karta) hukugy bar bolan adamlar.

Fulbraýt maksatnamasynyň beýleki bölümçeleri

Dalaşgärler ylmy işgärler üçin niýetlenen Fulbraýt maksatnamasynyň aşakdaky bölümlerine hem tabşyryp bilerler. Arzalary tabşyrmak üçin goşmaça soragnama doldurmak zerurlygy ýok, ýöne esasy soragnamada gatnaşmaga isleg bildiriliýän bölümi aýdyň etmeli.

Görnükli ylmy işgärler we hünärmenler üçin Fulbraýt maksatnamasy

Üç aýdan bir semestre çenli

Bu maksatnama uniwersitetlerde, hökümet edaralarynda, medeniýet guramalarynda ýa-da jemgyýetçilik guramalarynda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän adamlara hödürlenýär. Taslamalar 3 aýdan bir semestre çenli dowam edip biler. Görnükli alymlar aşakdaky işleriň birini ýa-da birinden artygyny utgaşdyryp ABŞ-da amala aşyrmagy hödür edip bilerler:

  • Şol bir tertipde leksiýa okamak ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri bilen maslahat geçirmek;
  • Tassyklanan seminarlary ýa-da praktikumlary meýilleşdirmekde ýardam etmek we olara gatnaşmak;
  • Bilim guramalary ýa-da ABŞ-da hyzmatdaşlyk edýän guramalar tarapyndan hemaýat edilýän okuw ýa-da medeni çärelere gatnaşmak.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Saýlanyp alnan okuw ugrundan azyndan 10 ýyl bolan iş tejribesi
  • Dalaşgär ABŞ-da teklip eden ylmy işini alyp barmaklygy üçin iňlis dilini suwara bilmelidir
  • Dalaşgäriň  hünär aýratynlyklaryna baha berip biläýjek adamlardan iüç (3) sany rekomendasiýa hatlary
  • Dalaşgär Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr we soragnamany tabşyrýan döwri Türkmenistanyň çäginde yaşamalydyr we işlemelidir.

Ýaş mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy

Bir okuw semestriniň dowamynda

Bu maksatnama uniwersitetlerde ýa-da institutlarda azyndan 3 ýyl okatmak tejribesi bar bolan mugallymlara hödürlenýär. Maksatnamanyň dowamlylygy- 1 okuw semestri. Bu meýilnamanyň maksady ABŞ-da okuw meýilnamalaryny işläp düzmekde gazanylan tejribeleri we teoretiki çemeleşmeleri öwrenmäge gatnaşyjylara mümkinçilik döretmekdir. Dalaşgärler takyk ugur boýunça okuw meýilnamasyny işläp düzmek üçin baş ýörelgäni, şol sanda hem amerikan ýokary okuw jaýynda ulanyljak okuw we ylmy-barlag çeşmeleriň mazmumynyň meýilnamasyny hödürleýän belli bir kabul edýän uniwersisteti teklip etmelidirler.

Maksatnamanyň bütin dowamynda gatnaşyjylar belli bir kursuň teswirlemesini barlag etmäge, okuw meýilnamasyny anyklamaga we şol dersi Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soň okatmagyň baş ugurlaryny işläp düzmäge borçly bolarlar.

Dalaşgärler maksatnama gutaranyndan soň özleriniň okuw jaýlaryna gaýdyp gelmäge, mugallymçylyk işlerini dowam etmäge we maksatnamanyň dowamynda alan bilimlerini we tejribelerini peýdalanmaga çalyşmalydyrlar. Soragnamalar şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

Esasy maksatlar:

  • Ylmy barlaglaryň we halypaçylygyň üsti bilen mugallymlaryň hünär taýdan başarnyklaryny artdyrmagyny dowam etdirmek
  • Türkmenistanyň we ABŞ-nyň alymlarynyň arasyndaky uzakwagtlaýyn hünärmen gatnaşyklaryny ýola goýmak
  • Türkmenistan we ABŞ-nyň arasyndaky özara düşünişmäni öňe sürmek

Şu aşakdakylar esasy maksatlara girmeýärler:

  • Konferensiýalara gatnaşmak
  • Doktorlyk dissertasiýalaryny ýazyp tamamlamak
  • Birnäçe guramalara sapar etmek we maslahatlara gatnaşmak, ýa-da
  • Hassalar bilen galtaşygy içine alýan kliniki barlaglar (rugsat berilmeýär)

Talaplar:

  • Azyndan 3 ýyla deň bolan iş tejribesi
  • Dalaşgär ABŞ-da teklip eden ylmy işini alyp barmaklygy üçin iňlis dilini suwara bilmelidir
  • Dalaşgäriň  hünär aýratynlyklaryna baha berip biläýjek adamlardan iüç (3) sany rekomendasiýa hatlary
  • Dalaşgär Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr we anketany tabşyrýan döwri Türkmenistanyň çäginde yaşamalydyr we işlemelidir.

Çagyrylýan alymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy (aýratyn soragnama talap edilýär) 

Çagyrylýan alymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy alymlary ýygy-ýygydan kabul etmäge mümkinçilikleri ýok bolan amerikan uniwersitetleinde we kollejlerinde daşary ýurtly alymlara we hünärmenlere şol ýokary okuw jaýlarynda leksiýa okamaga mümkinçilik berýär.

Bu maksatnamanyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän ABŞ-daky okuw guramalary ders ylmy-barlaglary geçirmäge, global meselelere degişli dersara maksatnamalaryny ýa-da kurslaryny 1-2 semestriň dowamynda okatmaga ukyply alymlary çagyrmak üçin arza berýärler. Daşary ýurt alymynyň gatnaşmagy meselelere medeni ýa-da halkara nukdaý nazardan garamaga şert döredip biler.

Arzalary tabşyryş tertibi:  

Bu maksatnama çagyryş esasly maksatnamadyr. Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän Türkmenistanly alymlar amerikan uniwersiteti tarapyndan çagyrylmalydyrlar. Goşmaça maglumaty maksatnamanyň internet sahypasyndan alyp bolar: https://www.cies.org/program/fulbright-scholar-residence-program

Fulbraýt maksatnamasynyň anketalaryny şu ýerde tabşyryp bolar: https://apply.iie.org/fvsp2024/

Anketalary we resminamalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2023-nji ýylyň 1-nji dekabry, sagat 18:00-a çenli

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy