SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:

Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň!

Zerurlyk bolmasa, Gün şöhlesiniň ýitileşýän wagtlarynda, ýagny 11:00-dan 17:00-a çenli aralykda daşary çykmaly däl.

Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.

Tomsuň yssysynda açyk meýdanlara gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Howa aşa gyzanda süňňüňden köp mukdarda suwuklygyň üsti bilen deriň bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna hem getirýär. Şonuň üçinem yssy howada günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suw içmeli.

Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden saklanyň!

Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmaly.

Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi