BILIM

Türkiýede Magtymguly hakynda ýene bir dissertasiýa goraldy

Beýik türkmen halkynyň milli akyldary Magtymgulynyň hikmetleri Dünýä hakydasynda özüne mynasyp bolan ornuny al­dy. Bilnişi ýaly, üstümizdäki ýylyň maý aýynyň 10-24-nji günleri aralygynda Bir­le­şen Milletler Guramasynyň düzümine degişli Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Ýerine ýetiriji ge­ňe­şi­niň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 216-njy mej­li­sinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi.

Bu guwandyryjy waka türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda boljak 300 ýyllygyna dünýäniň dürli ýurtlarynda giňden taýýarlyk görülýän döwrüne özboluşly öwüşgin çaýdy. Şanly waka görülýän taýýarlyklaryň, geçiriljek çäreleriň gerimini has-da giňeltdi. Dünýä halklarynyň türkmen milli akyldarynyň eserlerine bolan isleglerini diýseň artdyrdy.

Şeýle ýurtlaryň biri-de doganlyk Türkiýe döwletidir. Häzirki wagtda Türkiýäniň dürli şäherlerinde, ýokary okuw jaýlarynda, medeniýet we jemgyýetçilik guramalarynda türkmen akyldary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly dabarasyny mynasyp garşylamak üçin giňden taýýarlyk görülýär. Bu mesele bilen ýakyndan we içgin gyzyklanýan Türk alymlary-da türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň we onuň diwanynyň dürli ugurlary boýunça ylmy derňew işlerini alyp barýarlar.

Şu wagta çenli türkmen şahyry Magtymguly bilen doganlyk Türkiýe döwletindäki ýokary okuw mekdeplerinden Ankara uniwesitetinde 2 sany, Ankara Hacı Bayram Veli uniwersitetinde 1 sany dissertasiýa goralypdy.

Şeýle ylmy derňew işleriň biri-de Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly habaryň söýünjisi boldy.

Bu buýsandyryjy habaryň söýünjisi doganlyk Türkiýe döwletiniň Deňizli şäherinde ýerleşýän Pamukkale uniwersitetinde berildi. Has dogrusy, Pamukkale uniwersitetinde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň diwany bilen baglanyşykly ylmy dissertasiýa goraldy.

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda goralan bu ymy iş “Mahtumkulu Divanının Eleştirel Söylem Çözümlemesi” diýlip atlandyrylýar. (Magtymguly diwanynda tankydy diýgirdiň seljerişli çözgüdi (-şertli esasly terjimesi BS-e degişlidir).

Ylmy derňew işi Türkiýäniň Deňizli şäherinde ýerleşýän Pamukkale uniwersitetiniň Türk dili we edebiýaty kafedrasynyň häzirki zaman Türki dilleri we edebiýatlary bölüminiň ýörite maksatnamaly taýýarlaýşyň talyp-aspiranty Betül Müftiler tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Ýaş türk alymy Betülüň mundaň öňki 2017-nji ýyldaky ylmy işi-de türkmen edebiýaty bilen baglanyşykly bolup, şol ylmy işinde Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň dili we stili taýyndan häsiýetli aýratynlyklaryny içgin öwrenipdi.

Ýaş türk alymynyň türkmen edebiýaty boýunça alyp baran ikinji ylmy işi bolan “Mahtumkulu Divanının Eleştirel Söylem Çözümlemesi” diýen dissertasiýasy ylmy seljerişiň täzeçe usul esasynda derňelipdir.

Üç sany uly bapdan, “Giriş” we “Netijeden” ybarat bolan bu ylmy işe ýörite plan düzülip, şol plan esasynda-da her bir bap we bölümçeler içgin we köptaraply derňelipdir.

Ýaş türk alymynyň dissertasiýasyny okap, gürrüňi edilýän bu ylmy işiň özeni hakynda gysgaça şeýle diýmek bolar:

Türkmen nusgawy edebiýatynyň esasy wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyargy eserleri bilen türkmen halkyna, diline we edebiýatyna diýseň uly goşantlar goşupdyr.   XVIII asyrda goşgulary we öňe süren pikirleri bilen öten, häzirki we geljek zamanlaryň arasynda geçelge gurmagy başarypdyr. Türkmenler we türk dünýäsi üçin kynçylyklar bilen doly bolan döwür-XVIII asyr Magtymgulynyň goşgularynda hemmetaraplaýyn beýan edilipdir. Gürrüňi edilýän asyrda oturymly durmuşyň getiren kynçylyklary bilen ykdysady pudakdaky ýetmezçilikleri başdan geçriýän halk, bir tarapdan türkmen tire-taýpalarynyň içkir dartgynlyklary bilen, beýleki bir tarapdan-da, hanlaryň, emirleriň basgysyndan halas bolmaklyga synanyşypdyr.

Goşgulary bilen türkmen halkyna ýol görkezmäge gaýrat eden şahyr Magtymguly Pyragy, türkmen agzybirligi, jebisligi esasynda gurulmaly özbaşdak döwlet düşünjesini we millet bolma paýhasyny aňa guýan diýgirtleri bilen türkmenleriň milli şahyryna öwrülipdir.

 

2017-nji ýyldaky surat

Habar berşiň, aragatnaşygyň ýönekeý kesgitlemesi ýa-da serişdesi bolmakdan ötri ýaşaýşyň mesaňa-mälim maglumaty bolan dil, tapawutly jemgyýetçilik pudaklarynda bolan şahslaryň biri-birinden parhly diýgirtler (Türkçesi:söylemler) öndermegini üpjün edipdir. Aslynda diýgirtleriň düzümlerini derňeýän diýgirdiň seljerişli çözgüdi, diýgirdiň gurşawyndaky dünýägaraýşy dil bilimi derňewi bilen düşündirmäge synanşylanda, tankydy diýgirdiň seljerişli çözgüdine öwrülýär.

Bu dissertasiýada Norman Faircloughyň dialektik gatnaşykly usuly ulanylyp, Magtymguly diwanynda tankydy diýgirdiň seljerişli çözgüdi ylmy esasda derňelipdir. Täzeçe derňew esasynda, goşgulardaky dil häsiýetleriň sosial gatnaşyklar, paýhas pahnalary, sosial kimlikler bilen dialektik gatnaşygyny görkezmek göz öňünde tutulypdyr. Goşgular dil bilimi esasynda çözgüde tabyn tutulyp, töwerekleýin beýan edilipdir we jemgyýetçilik gatnaşyklar, jemgyýetdäki özgerişler we öwrülişikler derňelip, diýgirdiň dünýägaraýyş gurluşy we täsiri anyklaşdyrylmaga synanyşylypdyr.

Täzeçe derňelen bu dissertasiýanyň ylmy seljeriş komissiýasyna doganlyk Türkiýe döwletiniň Ankara, Pamukkale we Alanýa Alaaddin Keykubat uniwersitetlerinden türk ve türkmen alymlary gatnaşyp, ylmy işe ýokary baha berdiler. Şeýlelikde, Türkiýede ýaş türk magtymgulyşynas alymlaryň sanawyna ýene biri goşuldy.

Türk alymy Betül Müftileri “Mahtumkulu Divanının Eleştirel Söylem Çözümlemesi” diýen dissertasiýasyny başarnykly goramagy bilen türkmen alymlarynyň adyndan gyzgyn gutlaýarys we ýaş Magtymgulyşynasa geljekki ylmy işlerinde-de uly üstünlik arzuw edýäris.

Berdi Saryýew,

Goralan ylmy işiň seljeriş toparynyň asyl agzasy,

Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy,

TDK-nyň habarçy agzasy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy