SPORT

Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirildi

Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermegi bilen Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy, Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişini geçirdi. Ýörişe Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar.

Ýöriş başlamazdan ozal, welosiped sürmegiň dünýäde barha meşhurlyk gazanýandygy bellenildi. Bütindünýä welosiped güni ähli ýurtlary we halklary birleşdirýän baýramçylykdyr, ol parahatçylyk we raýdaşlyk, saglyk we ruhy şadyýanlyk ýaly gaýtalanmajak gymmatlyklaryň ähmiýetini nygtaýar. Ol parahatçylygyň wekili hökmünde sporty ösdürmek we wagyz etmek, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem, sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe we saglyk hereketini ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrydygy nygtaldy. Welosportyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär we köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde oňyn bolan däbe öwrüldi.

Welosiped sürmäge gatnaşyjylar bu sport çäresi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrmakda ýene bir ädim bolup durýandygyny bellediler.

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi