Şu wagta çenli 22 gezek geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyny jemi 43 million 936 müň 730 adam tomaşa etdi.
Yzda galan 22 çempionatyň taryhynda 964 oýun geçirilip, her oýna ortaça 45 müň 577 tomaşaçy gatnaşdy.
1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen dünýä çempionaty 3 million 587 müň 538 adam tarapyndan ýerinde tomaşa edilip, taryhda iň köp tomaşaçy ýygnan ýaryş hökmünde hasaba alyndy. Bu ýaryşdaky 52 oýnuň her duşuşygyna ortaça 68 müň 991 adam tomaşa etdi.
1934-nji ýylda Italiýada geçirilen dünýä çempionaty bolsa 363 müň tomaşaçy bilen iň az janköýer çeken ýaryş boldy.
1938-nji ýylda Fransiýada geçirilen dünýä çempionatynyň her bir duşuşygy ortaça 20 müň 872 tomaşaçy bilen iň az tomaşa edilen ýaryş hökmünde hasaba alyndy.
Katarda geçirilen soňky dünýä çempionatynyň oýunlaryna stadionlarda jemi 3 million 404 müň 252 adam (ortaça 53 müň 191) gatnaşdy.
Marakana stadionynyň rekordy
Futbol dünýäsiniň iň gadymy stadionlarynyň biri bolan Braziliýadaky Marakana stadiony dünýä çempionatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär.
1950-nji ýylda Braziliýada geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýa bilen Urugwaý Marakana stadionynda duşuşypdy. 173 müň 850 biletli tomaşaçynyň gatnaşan bu oýny, çempionatyň taryhynda iň köp tomaşaçy ýygnan duşuşyk hökmünde hasaba alyndy. Käbir maglumatlara görä, oýny görmek üçin stadiona giren adamlaryň sany 200 müňden hem geçipdir.
Şol dünýä çempionatynda geçirilen Braziliýa–Ispaniýa oýnuna 152 müň 772 adam, Braziliýa–Ýugoslawiýa duşuşygyna bolsa 142 müň 429 adam tomaşa etdi. Marakana stadionynda geçirilen bu iki oýun, Braziliýa–Urugwaý finalyndan soň iň köp tomaşaçy ýygnan duşuşyklar hökmünde bellige alyndy.
