Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün professional derejede täze başlangyçlar we taslamalar üçin örän amatly pursatdyr. Işewür duşuşyklarda öz pikirleriňizi aýdyň hem-de ynamly beýan etmegi başarmalysyňyz. Häzirki wagtda siziň görkezjek işjeňligiňiz geljekki karyeraňyza uly täsirini ýetirer. Kärdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz tarapyndan teklikleriňiz doly goldanylar. Ýöne maliýe meselelerinde gyssagly karar bermekden sähelçe saklanmagyňyz maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda  resminamalar bilen işlemeli bolmagyňyz ahtimaldyr. Şahsy durmuşyňyzda bolsa, durnuklylyk we özara düşünişmek meýilleri doly kemala geler. Agşamky sagatlarda ýakynlaryňyz bilen geçiriljek ýakymly gürrüňdeşlik siziň ruhy ýadawlygyňyzy doly aýyrar. Saglygyňyzy goramak üçin arassa howada gezelenç etmegi meýilleşdiriň. Ýyldyzlar bu gün size diňe öňe tarap ynamly ädim ätmegi maslahat berýärler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Maliýe amallaryny amala aşyranyňyzda uly söwda işlerinde örän seresap boluň. Bu gün garaşylmadyk çykdajylaryň ýüze çykmak ähtimallygy ýokary bolup durýar. Şonuň üçin her bir maliýe ädimini öňünden meýilleşdirmek zerurdyr. Maşgala agzalarynyň we tejribeli adamlaryň maslahatyna gulak asmak peýdaly bolar. Iş ýerinde duş geljek ownuk kynçylyklara sabyrlylyk bilen çemeleşmegi başarmalysyňyz. Günüň dowamynda emosional ýagdaýyňyzy durnukly saklamak uly ähmiýete eýedir. Agşamlyk bolsa öý gurşawynda ýakymly şertlerde durnukly dynç almagy meýilleşdiriň. Geljekki meýilnamalaryňyzy düzmek üçin bu gün  amatly pursat hasaplanýar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün siziň döredijilik ukybyňyz we ylhamyňyz iň ýokary derejä ýeter. Jemgyýetçilik işlerinde we köpçülikleýin çärelerde özüňizi görkezmek üçin amatly pursatdyr. Täze tanyşlyklar, peýdaly işewürlik gatnaşyklary we ylalaşyklar üçin şowly gündür. Pikirleriňizi we taslamalaryňyzy töwerekdäkilere ýetirmekde hiç hili kynçylyk çekmersiňiz. Içki duýgularyňyza we ýüregiňiziň sesine gulak asyň, ol sizi dogry ugra gönükdirer. Daşky gurşawdan geljek täze habarlar meýilnamalaryňyzy has-da kämilleşdirmäge kömek eder. Wagtyňyzy dogry dolandyrmak arkaly ähli meýilleşdiren işleriňizi wagtynda tamamlaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň ilkinji sagatlarynda anyk maksatlara tarap ynamly ädim ätmek talap edilýär. Iş ýerinde ýaltalyga we biperwaýlyga asla ýol bermezlik möhüm şertdir. Emosional durnuklylygy saklamak bilen                gapma-garşylykly ýagdaýlardan bütinleý gaça duruň. Ýolbaşçylar tarapyndan beriljek täze tabşyryklary jogapkärçilik bilen ýerine ýetiriň. Siziň zähmetsöýerligiňiz ýakyn wagtda özüniň oňyn miwelerini hökman berer. Ýakyn dostlaryňyzyň we kärdeşleriňiziň goldawy size goşmaça güýç-kuwwat berer. Maliýe meselelerinde durnuklylyk saklanýar, ýöne artykmaç çykdajylardan saklanyň. Günüň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyňyza degişli käbir meseleleri çözmeli bolarsyňyz.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Şu gün siziň liderlik häsiýetleriňiz we ukybyňyz jemgyýetde aýratyn orna eýe bolar. Kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlykda uly we täsirli üstünlikleri gazanyp bilersiňiz. Täze taslamalary öňe sürmek we olary durmuşa geçirmek üçin ajaýyp şertler dörär. Adamlary öz yzyňyzdan alyp gitmek ukybyňyz töwerekdäkileri haýran galdyrar. Şahsy gatnaşyklarda we maşgalada örän gyzykly, garaşylmadyk sowgatlar garaşýar. Pikirleriňizi durmuşa geçirmekde maliýe taýdan hem hiç hili bökdençlik bolmaz. Wagtyňyzy diňe peýdaly we netijeli işlere sarp etmäge aýratyn üns beriň. Geljekki meýilnamalaryňyzy has-da giňeltmek üçin täze pikirler dörär. Agşamlyk wagtyny dostlaryňyz bilen gyzykly gurşawda geçirmek maslahat berilýär. Ýyldyzlar tarapyndan size berlen bu şowly pursady iň netijeli görnüşde ulanyň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Ownuk  we ähmiýetsiz meselelere ünsüňizi bölmän, esasy maksadyňyza gönügiň. Resminamalar we    hat-habarlar bilen işlemegiňizde aýratyn seresaplylyk talap edilýär. Häzirki wagtda takyklyk we tertip-düzgün siziň iň uly ýaranyz bolmalydyr. Puluňyzy tygşytly ulanmaga we meýilleşdirilmedik söwda işlerinden gaça durmaga çalşyň. Kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklarda professional çäkleri saklamak uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda anyk maglumatlara daýanyp, kararlary kabul etmek has dogry bolar. Ruhy taýdan dynç almak we güýç toplamak üçin kiçijik arakesmeler ediň. Saglygyňyza we nerw ulgamyňyza zeper ýetirjek dartgynly gurşawlardan uzakda duruň. Agşamlyk maşgala ojaklarynda parahatçylykly we rahat şertlerde dynç alyň. Ýyldyzlar meýilnamalaýyk zähmetiň sizi islenýän sepgitlere ýetirjekdigini görkezýärler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Durmuşyňyzda täze, gyzykly we örän netijeli döwürleriň biri başlanýar. Syýahata çykmak  täze ýerleri görmek ýa-da hünäriňizi ýokarlandyrmak üçin şertler dörär. Täze maglumatlary tiz özleşdirmek ukybyňyz sizi beýlekilerden tapawutlandyrar. Ýakyn dostuňyzyň ýa-da hyzmatdaşyňyzyň berjek goldawy size goşmaça ynamlylyk berer. Maliýe pudagynda durnukly ösüşleriň we girdejileriň bolmagy örän ähtimaldyr. Şahsy durmuşyňyzda hem garaşylmadyk ýakymly özgerişler we täzelikler bolar. Pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin töwekgelçilikli ädimlerden hem gorkmaly dälsiňiz. Daşky gurşawyňyzda dörän ylalaşyklylyk siziň ruhy ýagdaýyňyza oňyn täsir eder. Agşam ýakynlaryňyz bilen täze meýilnamalary we maksatlary ara alyp maslahatlaşyň. Ýyldyzlar häzirki wagtda şowlulygyň we rowaçlygyň doly siziň tarapyňyzdadygyny duýdurýarlar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Içki duýgularyňyza, instinktiňize daýanyp, anyk kararlary kabul etmäge çalşyň. Köpden bäri çözülmän gelýän köne meseleleriň ahyryna çykmak üçin amatly gündür. Maliýe we söwda işlerinde, şeýle hem maýa goýumlarynda şowlulyk hemraňyz bolar. Täze başlangyçlara girişmezden öň, bar bolan işleriňizi doly tamamlamaga çalşyň. Daş-töwerekdäki adamlaryň reaksiyalaryna takyk we sabyrly baha bermegi başaryň. Syrlaryňyzy we geljekki uly meýilnamalaryňyzy hemme kişä mälim etmekden saklanyň. Özüňizi kämilleşdirmek we täze hünär endiklerini öwrenmek üçin wagt tapyň. Ruhy dünýäňizi baýlaşdyrjak we sizi parahatlandyrjak kitaplary okamak maslahat berilýär. Agşamlyk maşgala agzalaryňyz bilen mähirli hem-de agzybir wagt geçiriň. Ýyldyzlar siziň durnuklylygyňyzy we tutanýerliligiňizi ýokary derejede goldaýarlar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün adamlar bilen dil tapyşmak aýratyn ýeňil bolar. Adatça tankydy garaýyşly adamlaryň hem göwnünden turup bilersiňiz. Täze gyzyklanmalar ýa-da durmuşda möhüm orun tutjak romantik gatnaşyklaryň başlanmagy mümkin.Iş babatda hem üstünlikli günleriň biridir. Siz öňden tanyş    meseleleri-de, düýbünden täze we çylşyrymly işleri-de üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Döredijilikli çemeleşmegiň netijesinde başgalaryň başarmadyk ýerinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Täze zatlary öwrenmäge taýýar boluň sebäbi bu gün alnan bilimler geljekde uly peýda getirer.Hoş habarlar hem gelip biler. Hukuk ýa-da emläk bilen bagly jedelleriň netijesi sizi begendirer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Topar bolup işlemekde we bilelikdäki taslamalarda uly netijeleri gazanarsyňyz. Täze döredijilikli pikirleriňiz töwerekdäkiler tarapyndan örän gyzgyn garşylanar. Işewürlik gatnaşyklaryny täze bir derejä çykarmak üçin amatly mümkinçilikler dörär. Özüňize bolan ynamyňyz we ruhy galkynyşyňyz kynçylyklary aňsatlyk bilen ýenmäge kömek eder. Maliýe taýdan garaşylmadyk peýdalaryň ýa-da goşmaça girdejileriň bolmagy gaty ähtimaldyr. Dostlaryňyz bilen duşuşmak we tejribe alyşmak ruhuňyza diýseň oňyn täsir eder. Özüňizi we daşky gurşawyňyzy üýtgetmek islegiňiz şu gün has hem güýçlener. Agşamky wagtlar maşgala ojaklarynda doly parahatçylyk we agzybirlik höküm sürer. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýeňil sport maşklaryny ýerine ýetiriň. Ýyldyzlar siziň durnukly ösüşiňizi we durmuşyňyza bolan söýgiňizi netijeli goldaýarlar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Täze ylymlary we bilimleri almak, dünýägaraşyňyzy giňeltmek üçin ajaýyp pursatdyr. Häzirki wagtda ýyldyzlar doly siziň tarapyňyzda, şonuň üçin täze ädimlerden gorkmaň. Töwekgelçilikli taslamalar hem asylly maksatlara hyzmat edip, uly üstünlik getirer. Daşary ýurt dilleri ýa-da täze tehnologiýalar bilen meşgullanmak netijeli bolar. Syýahat meýilnamalaryny düzmek we işewürlik saparlaryna taýýarlyk görmek maslahat berilýär. Maliýe ýagdaýyňyz durnukly bolar we geljekki taslamalara maýa goýmaga mümkinçilik berer. Dostlukly gatnaşyklarda we şahsy durmuşyňyzda doly ylalaşyklyk höküm sürer. Ýüze çykjak ownuk kynçylyklary intellektual ukybyňyz arkaly aňsatlyk bilen çözersiňiz. Agşamlyk döredijilik ýa-da intellektual gürrüňdeşlikler üçin wagt sarp ediň. Ýyldyzlar siziň guwandyryjy zähmetsöýerligiňizi we zehiniňizi netijeli durnuklaşdyrýarlar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Maddy we ruhy durmuşyňyzyň arasynda doly deňagramlylygy saklamaga çalşyň. Garaşylmadyk habarlar ýa-da wakalar siziň gündelik meýilnamalaryňyza käbir üýtgeşmeler girizip biler. Ýöne bu üýtgeşmeler gutarnykly netijede siziň peýdaňyza bolar. Kärdeşleriňiziň we töwerekdäki adamlaryň pikirlerine hormat bilen çemeleşiň. Şu gün şahsy meseleleriňizi hem-de işleriňizi tertibe salmak üçin amatly wagtbyr. Öz saglygyňyza, aýratyn hem nerw ulgamyňyza uly üns berip, köşeşmäge çalşyň. Maşgala agzalaryňyza we ýakynlaryňyza wagt tapmagy we olary diňlemegi unutmaň. Ýakynlaryňyzyň berjek goldawy siziň ruhy dünýäňizi has-da galkyndyrar. Agşamlyk rahat gurşawda, saz diňläp ýa-da dynç alyp wagt geçirmek maslahat berilýär. Ýyldyzlar sabyrlylygyň we içki deňagramlylygyň sizi uly rowaçlyga ýetirjekdigini ýatlatýarlar.
Hormatly okyjylarymyz!