SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2026;Hepdelik täleýnama (08-nji -14-nji Iýun)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepde aňsat bolmasa-da, umytsyz bolmaly  däldir. Sizde ýeterlik energiýa hem-de baý tejribe bar, hut şolar hem esasy artykmaçlygyňyzdyr. Käwagt edýän tagallalaryňyz netije bermeýän ýaly ýa-da bir ýerde duran ýaly duýgy döremegi mümkin. Şeýle duýga ynanmaň. Siz dogry ugurda öňe barýarsyňyz, diňe ösüşiň tizligi garaşyşyňyzdan biraz pesräkdir. Maksatlaryňyzdan ýüz öwürmäň we saýlan ýoluňyzy dowam etdiriň.Şeýle ýagdaýlarda goldaw ýetmezçilik edýän ýaly bolsa öňden bäri ynam bildirýän adamlaryňyza ýüz tutup bilersiňiz. Täze tanyşlar bilen iş gatnaşyklarynda bolsa seresap bolmak maslahat berilýär. Bu hepde siz adatdakydan has ynamdar bolup bilersiňiz, bu bolsa käbir adamlaryň peýdasyna ulanylyp bilner. Şonuň üçin gowy tanamaýan adamlaryňyzy öz ýakyn töweregiňize kabul etmäge howlukmaň.Hepdäniň ortalary liderlik ukyplaryňyzy görkezmek üçin amatly döwür bolar. Esasan hem täsirli we abraýly adamlar bilen geçiriljek duşuşyklar aýratyn netijeli bolar.Hepdäniň ahyrynda garaşylmadyk çykdajylaryň ýüze çykmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlar uly alada döretmez, emma serişdeleriňiziň ygtybarly ugurlara sarp edilýändigine göz ýetirmek zerurdyr.Şahsy durmuşda içki duýgularyňyza ynanyň. Eger kimdir biri size ýaraýan bolsa we bu duýgy özara bolsa, gatnaşyklaryň tebigy ösüşine mümkinçilik beriň.

 Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepde ýagdaýlar çalt üýtgäp biler we maglumatlaryň möçberi köpeler. Şonuň üçin öňünden berk meýilnama düzmek hem-de oňa islendik ýagdaýda eýermek goşmaça kynçylyklary döredip biler. Has netijeli ýol  çeýe strategiýany saýlamakdyr. Ýagdaýlary synlap, ýüze çykýan mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyň.Hepdäniň ortalarynda gelip biljek tekliplere aýratyn üns beriň. Täze iş wezipäňiziň  ýokarlanmagy ýa-da hünär ösüşi bilen baglyi mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Ilkinji täsiriňiz oňyn bolmasa-da, teklibi ret etmäge howlukmaň. Wagtyň geçmegi bilen olaryň has peýdalydygyna göz ýetirip bilersiňiz.Şeýle hem bu wagt  saglygyňyza  üns bermek üçin hem amatlydyr. Hepdäniň ahyrynda birnäçe ugurda ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýlarda başgalaryň keýpine täsirlenmezlik möhümdir. Jogaplary daşardan gözlemegiň ýerine öz duýgularyňyza gulak asyň. Size gerekli çözgütler eýýäm özüňizde bar. Möhüm kararlary kabul etmezden öň biraz wagt pikirlenmek iň dogry ýol bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepde uzak möhletli taslamalarda käbir gijikmeler, garaşylmadyk ýalňyşlyklar ýa-da öň ýerine ýetirilen işleri täzeden gözden geçirmek zerurlygy ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar çynlakaý mesele däl diňe wagtal-wagtal ýüze çykýan ownuk kynçylyklardyr. Şeýle pursatlarda özüňizi ruhlandyrýan we ýeňil ýerine ýetirilýän işlere üns bermek peýdaly bolar.Iş we şahsy durmuş biri-biri bilen berk baglanyşykly bolar. Işdäki dartgynlyk öýdäki gatnaşyklara täsir edip biler. Şonuň üçin emosional ýagdaýyňyza gözegçilik etmek hem-de iş bilen bagly aladalary ýakynlaryňyza gönükdirmezlik möhümdir.Hepdäniň ahyry aýratyn üstünlikli bolar. Öň ýerine ýetirilen işler üçin töleg almak ýa-da geljekki taslamalar bilen bagly maliýe girdejileri gazanmak mümkin bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepde durmuşyňyzda dürli ugurlardan täsir edýän wakalar köp bolar  we  duýgurlygyňyz güýçlener.Iş babatda  bolsa döwür aýratyn amatly bolar. Esasanam maliýe emläk resminamalary ýa-da gurluşyk bilen bagly ugurlarda üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokarydyr. Şeýle hem  şahsy durmuşda ýakymly mümkinçilikler açylýar. Ýönekeý söhbetdeş hökmünde kabul eden kärdeşiňiz garaşyşyňyzdan has gyzykly adam bolup çykyp biler. Umumy gyzyklanmalara esaslanýan gatnaşyklar soňra güýçli duýgulara öwrülip biler. Maşgalaly jübütler üçin öý bilen bagly işleri bilelikde ýerine ýetirmek gatnaşyklary has-da berkider.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepde iki tapawutly döwre bölünýär. Ilkinji günlerde düşünişmezlikler köpelip biler. Hatda öňden bäri ynanýan adamlaryňyzyň garaýyşlary hem size geň görünmegi mümkin. Şeýle ýagdaýlarda howlukyp netije çykarmakdan gaça duruň. Wakalaryň ownuk-jikme-jiklerine üns bermek peýdaly bolar, sebäbi olar sözlerden has köp maglumat berer.Hepdäniň ortalaryndan başlap ýagdaýlar gowulaşar. Maliýe taýdan garaşylmadyk girdejileriň gelmegi, täze girdeji çeşmesiniň döremegi ýa-da hünär ösüşiniň çaltlaşmagy mümkin. Bu döwürde işjeň hereket etmekden çekinmäň. Bäsdeşler bar bolsa-da, üstünlik gazanmak üçin ähli mümkinçilikler sizde bolar.Şahsy durmuşyňyzda hem ilkinji günlerde düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Köne öýke-kineler ýa-da nädogry düşünilen sözler wagtlaýyn dartgynlyk döredip biler. Emma hepde soňuna golaý ýagdaýlar düýpli gowulaşar. Özara düşünişmek dikeler keýpiňiz ýokarlanar we durmuşyň lezzetini ýene-de duýarsyňyz.

 

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepde uly maksatlaryňyzy amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikler dörär. Üstünlik diňe öz zähmetiňiziň netijesi bolman, eýsem wagtynda goldaw berjek adamlaryň kömegi bilen hem baglanyşykly bolar. Şeýle hem  täze işewür gatnaşyklarynyň başlanmagy  hem mümkin. Şeýle hyzmatdaşlyk birnäçe aýdan soň täze hünär mümkinçiliklerini açyp biler. Tötänden tanşan adamyňyz geljekde ýolbaşçy ýa-da işewür hyzmatdaş bolup biler.Romantik tanyşlyklar hem garaşylmadyk ýagdaýlarda ýüze çykyp biler.
Bilelikdäki syýahatlar  täze güýmenjeler ýa-da umumy taslamalar gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin berer.

 Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Eger siz möhüm bir işi uzak wagt bäri yza süýşürip gelýän bolsaňyz we ilkinji ädimi ätmäge çekinýän bolsaňyz, onda şu hepde munuň üçin amatly döwürdir. Ýyldyzlar size goldaw berer: zerur maglumat gerek bolan mahaly kömek etjek adam tapylar, şübheleriňiz dörän wagty bolsa sizi ruhlandyrjak biri ýanyňyzda bolar. Iş babatda täze ugurlary özleşdirýänler aýratyn üstünlik gazanarlar. Täze hünäre geçenler adaty bolmadyk usullary ulanýanlar ýa-da synag geçirmäge taýýar bolanlar üçin amatly döwürdir. Işewür aragatnaşyklaryňyzy giňeldiň, üstünlikleriňiz barada gürrüň bermäge çekinmäň hünär çärelerinde işjeň boluň. Häzirki wagtda şeýle başlangyçlar gowy netije berer.Şahsy durmuşda hem oňyn özgerişler garaşylýar. Esasanam täze başlangyçlary bilelikde amala aşyrýan jübütler üçin bu hepde örän üstünlikli bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Eger siz durmuşyňyzda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, häzirki wagtda şol ugurda arkaýyn we howlukman hereket etmek maslahat berilýär. Ilkinji netijeler bada-bat görünmese-de, bu dogry ýoldan sowuldygyňyzy aňlatmaýar. Siz ähli meselelere çynlakaý we oýlanyşykly çemeleşýärsiňiz. Şeýle häsiýet uzak möhletli üstünlikleriň ygtybarly esasydyr.Hepdäniň ortalary aýratyn netijeli bolar. Işleriň möçberi köpelip biler, emma şol bir wagtyň özünde maşgala agzalaryna öý işlerine we romantik duşuşyklara hem wagt taparsyňyz.Hepdäniň ikinji ýarymynda dowamly keselleriň ýitileşmegi mümkin. Şeýle hem ýadawlygyň ýygnanandygyny duýup bilersiňiz. Bu ýagdaý bedeniňiziň dynç almak isleýändiginiň alamatydyr. Şonuň üçin özüňize wagt tapyň. Häzirki döwürde esasy güýjüňiz tiz hereket etmekde däl-de, her işi çuňňur we hil taýdan ýerine ýetirmekdedir.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Käbir adamlar üçin bu hepde aladaly bolup görünse-de, siz üçin gyzykly mümkinçiliklerden doly bolar. Täze we adaty bolmadyk meseleler sizde ýitip giden höwesi täzeden oýarar. Bu döwürde düýbünden täze ugurda özüňizi görkezmek mümkinçiligi dörär.Iş ýerinde öň duş gelmedik meseleleriňizi çözmeli bolarsyňyz. Şahsy durmuşda wakalar has täsirli häsiýete eýe bolup biler. Täze gatnaşyklar ýönekeý we asuda däl-de, güýçli duýgular, garaşylmadyk öwrümler we ýatdan çykmajak pursatlar bilen tapawutlanyp biler. Şeýle ýagdaýlarda açyk we dogruçyl söhbetdeşlik iň gowy çözgütdir.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01

Bu hepde aňsat bolmasa-da, şowsuzlyklardan doly bolmaz. Üstünlikleri gazanmak üçin zähmet çekmeli bolarsyňyz. Muny näçe ir kabul etseňiz, şonça-da özüňizi  az lapykeçlik duýarsyňyz. Kömekçiler zerur bolsa, olaryň işine gözegçilik etmek we anyk görkezmeler bermek maslahat berilýär. Häzirki wagtda özbaşdaklyk esasy artykmaçlygyňyz bolar.Uzak wagt bäri bäsdeşlik edýän ýa-da işleriňize päsgel berýän adamlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmek mümkinçiligi dörär. Bu ugurda aýgytly hereket etmek gerek bolar, emma netijesi ähli tagallalara mynasyp bolar.Şahsy durmuşda ýakynlaryňyzyň käbir meseleleri açyk beýan etmezligi sizi biynjalyk edip biler. Şeýle ýagdaýlarda basyş etmegiň ýerine biraz garaşmak maslahat berilýär. Hepdäniň ahyryna çenli ýagdaý öz-özünden gowulaşyp biler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu hepde durmuşyňyzyň tas ähli ugurlarynda oňyn ösüşler garaşylýar. Eger täze pikirleriňiz ýa-da meýilnamalaryňyz bar bolsa, olary yza goýmaň we derrew durmuşa geçirmäge başlaň. Size goldaw berjek adamlar tapylar: köne tanyşlaryňyz hem, täze duşuşjak adamlaryňyz hem zerur pursatda kömek ederler. Hatda adatça köp wagt we güýç talap edýän resminama işleri hem garaşyşyňyzdan has ýeňil çözüler.Döredijilikli işler, täzeçe pikirlenmegi talap edýän meseleler we özboluşly çözgütler bu hepde aýratyn üstünlik getirer. Birmeňzeş we uzak wagtlap dowam edýän işler birneme kynrak bolup biler, sebäbi ünsüňiziň başga zatlara sowulmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, öz ýalňyşlyklaryňyzy wagtynda görüp, olary düzetmegi başararsyňyz.Gepleşikler iş söhbetdeşlikleri we özüňizi görkezmek zerur bolan ähli ýagdaýlar üçin örän amatly döwürdir. Hünär ýa-da jemgyýetçilik çärelerinde siz üns merkezinde bolup, bu ýagdaýdan nähili peýdalanmalydygyny aňsatlyk bilen kesgitläp bilersiňiz.Şahsy durmuşda sazlaşyk höküm sürer. Ýalňyz Daluwlara bolsa ýakymly täzelikler garaşylýar: göwnüňize ýaran adam ilkinji ädimi özi ätmegi mümkin. Jübütler üçin bolsa uzak wagtdan bäri ýetmezçilik eden rahatlyk we düşünişmek döwri başlanýar.Hepdäniň ikinji ýarymynda fiziki işjeňlikde we gezelençlerde seresap bolmak maslahat berilýär.

 Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Eger işler meýilleşdirşiňiz ýaly gitmese, howsala düşmäň. Häzirki döwürde duýgulara berilmek ýagdaýy has çylşyrymlaşdyryp biler, sabyrlylyk we paýhasly hereket etmek bolsa ähli zady öz ýerine salar. Durmuşyňyzda düýpli özgertmeler girizmezden ozal biraz garaşmak maslahat berilýär. Köp meseleleriň öz-özünden kadalaşmagy mümkin.Hepdäniň ortalary iş bilen bagly meseleler üçin aýratyn amatly bolar. Esasanam döredijilikli çemeleşmäni talap edýän ugurlarda üstünlik gazanarsyňyz. Başgalaryň üns bermedik zatlaryny görüp bilmegiňiz size uly artykmaçlyk berer. Hobbiňizi girdeji çeşmesine öwürmek ýa-da öz taslamaňyza başlamak isleýänler üçin hem amatly döwürdir. Döreýän pikirler diňe bir arzuw däl, eýsem durmuşa geçirip boljak anyk meýilnamalar bolar.Täze tanyşlyklar uzak möhletli dostluk ýa-da romantik gatnaşyklar üçin berk esas bolup biler. Siz gyzykly çärelere çagyrylyp bilersiňiz ýa-da tötänden täze adamlar bilen tanşarsyňyz. Şeýle duşuşyklaryň biri geljekde çynlakaý we sazlaşykly gatnaşyklaryň başlangyjy bolup biler.

Ýene-de okaň

08-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

05-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

04-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnam

03-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnam

02-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnam

01-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnam