JEMGYÝET

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçylarynyň hem gatnaşan sergisiniň açylyş dabarasynda ilki bilen hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlendi.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň giň sergi bölümlerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi: aýdym-sazlar ýaňlandy, halk tanslary ýerine ýetirildi, milli lybasdaky gyzlar gelýänlere duz-tagam hödürlediler.

Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler.

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler.

Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.

Ýurdumyzda gurluşyk, dürli önümçilik ulgamlarynda iş alyp barýan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy hem uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary bu ýerli kompaniýanyň diwarlygyna gelip, ondaky gurluşyk taslamalary, deri köwüş önümçiligi, şokolad we beýleki süýji önümleriň önümçiligi bilen gyzyklandy.

Hususan-da, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow hem gyzyklanma bildiren diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary biridir. Ol hem “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň önümçilikleri bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri ýokary baha berdi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov