DÜNÝÄ

Arkadag şäheri Pakistanyň uniwersitetinde tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory Prof.Dr.Muhammad Afzal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen COMSATS uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistan tarapy COMSATS uniwersitetiniň fakultetleri, ylmy işleri we gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi.

Türkmen tarapy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda halkara arenasyna alyp barýan işleri, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy