SPORT

Gurban Berdiýew “Soçi” toparyndaky wezipesini tabşyrdy

Ildeşimiz Gurban Berdýew Russiýanyň ýokary ligasynda çykyş edýän “Soçi” toparyndaky baş tälimçilik wezipesini tabşyrdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär. Toparyň tälimçisi wezipesini wagtlaýynça Dmitriý Hohlow alyp barar.

– “Soçi” futbol topary Gurban Berdiýewe mundan soňky durmuşynda üstünlikler arzuw edýär – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

70 ýaşyndaky tälimçi 2022-nji ýylyň dekabrynda bu topara tälimçi bolupdy. Häzirki wagtda “Soçi” topary Russiýanyň futbol çempionatynda 9-njy orunda barýar. Berdiýewiň tälimçilik eden 5 duşuşygynda topar 2 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 3 duşuşykda ýeňildi.

Gurban Berdiýew “Rubin” toparyny 2 gezek Russiýanyň çempiony etdi. Şeýle hem Russiýanyň kubogyny we superkubogyny gazandy. 2015/2016-njy möwsümde Berdiýew “Rostow” topary bilen Russiýanyň wise-çempiony boldy.

Ol 2021-nji ýylda “Kaýrat” topary bilen Gazagystanyň çempionatynda bürünç medala we ýurduň kubogyny gazandy.

Related posts

Kazemiro “Mançester Ýunaýted” bilen 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Şewçenko şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Türk türgenleri Aşgabatdaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýar

Leave a Comment