JEMGYÝET

Rifat Hisarjyklyoglu Arkadag şäheri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen Arkadag şäherine bardy.

Ýoluga Halk Maslahatynyň Başlygynyň ulagy paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän, ady rowaýata öwrülen “Polatly” atly şöhratly bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmana häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäheri, onuň döreýiş taryhy, şäherde bar bolan desgalar hem-de olaryň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde eýýäm Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlandygyny aýdyp, türkiýeli işewür toparlary bu merkeziň ýanynda çagalar üçin niýetlenen dürli önümleriň, derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny Arkadag şäherine aýlanyp görmäge hem-de onuň binagärlik aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy D.Orazowa anyk görkezmeler berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, onuň çäginde gurlan binalar, olaryň bezeg aýratynlyklary, bu ýerde geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen tanyşdyrdy.

Myhman Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde oturdylan “Akhan” heýkeli, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde binagärligiň milli ýörelgelerini, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini özünde jemleýän, ähli amatlyklary bolan kottejler toplumynyň binagärlik aýratynlyklary Rifat Hisarjyklyoglunda uly täsir galdyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri