SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” reýtingindäki ornuny berkitdi

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda çykyş edýän “Bellator” ýaryşynyň çäginde türgenleriň sanawyndaky ornuny berkitdi.

Ýarym agry agramda çykyş edýän türkmen türgeni täze reýtinde 6-njy orny eýeledi. Bu ugurda birinji orun rus türgen Wadim Nemkowa degişlidir. Ikinji orunda Kori Anderson, üçünji orunda bolsa, Fil Dewis barýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde litwaly Julius Englikas bilen nobatdaky tutluşygyna çykdy. ABŞ-nyň San-Hose şäherinde geçirilen ýaryşda üstün çykan türkmen türgeni 20-nji ýeňşini baýram etdi.

33 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda “Bellator” ýaryş guramaçylary bilen şertnama baglaşypdy we ol bu guramanyň çäginde çykyş edýän ilkinji türkmen türgenidir.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi