Türk potratçylyk kompaniýalary 2023-nji ýylyň 2 aýynda umumy bahasy 2 milliard dollara barabar bolan gurluşyk işleri boýunça bäsleşikleriň ýeňijisi hökmünde yglan edildi. Pudagyň wekilleri hasabat döwründe 26 taslamany durmuşa geçirmäge girişdi. Ýylyň 2 aýyndaky potratçylyk taslamalarynyň ortaça bahasy 71,1 million dollara deňdir.
Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatyna görä, Türkiýäniň potratçylyk-gurluşyk pudagy 1972-nji ýyldan 2023-nji ýylyň fewral aýyna çenli 133 döwletde umumy bahasy 474,5 milliard dollar möçberinde 11 müň 622 taslama durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar.
Bu pudak koronawirus pandemiýasy döwründe, ýagny 2020-nji ýylda umumy bahasy 16,2 milliard dollar möçberinde 371 taslamanyň gurluşygyna girişdiler.
1972-nji ýyldan bäri türk potratçylyk kompaniýalarynyň daşary ýurtlarda amala aşyran gurluşyk-gurnama işlerinde birinji orunda Russiýa, ikinji orunda Türkmenistan gelýär. Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň amala aşyran gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 50,8 milliard dollara deň boldy.
Umuman, türk kompaniýalarynyň daşary ýurtlarda amala aşyran gurluşyk işlerine öňdeligi ýaşaýyş jaý gurluşygy eýeleýär. Soňra awtomobil ýollary, tunneller we köpri gurluşyklary ýerine ýetirildi. Şeýle hem türk kompaniýalary söwda merkezlerini we howa menzillerini gurdylar.
“ENR” žurnaly tarapyndan taýýarlanýan dünýäniň iň iri potratçylyk kompaniýalarynyň sanawynda Türkiýä gurluşyk kompaniýalarynyň sany boýunça Hytaýdan soňra ikinji orunda durýar. 2003-nji ýylda bu sanawda 8 tükr kompaniýasy bolan bolsa, 2022-ni ýylda olaryň sany 42-ä ýetdi we şol firmalaryň 8-si öňdebaryjy 100 kompaniýanyň hatayrna girdi.
