SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Minsk-Türkmenbaşy: uçar gatnawynyň biletiniň bahasy arzanladyldy

Belarusyň “Belawia” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça uçar gatnawynyň biletiniň iň pes bahasyny 262,80 dollar möçberinde belledi.

Awiakompaniýanyň habar bermegine görä, 7-nji martdan awiabiletiň ekonom klassynyň bahasy 262 dollar, 14-nji we 18-nji martdan bolsa, 321 dollar, 28-nji martdan 289 dollarda satylar. Iň pes baha üçin tarifler çäklendirilen görnüşdedir. Biletleriň bahasy üýtgäp biler.

Mälim bolşy ýaly, Belarusyň “Belawia” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede bir gezek uçar gatnawyny ýerine ýetirer. Minskden uçar 22:40 uçup, Türkmenbaşy şäherine çarşenbe güni gelýär.

Biletleri onlaýn satyn almak üçin awiakompaniýanyň “www.belavia.by”, şeýle hem iOS и Android goşundylaryndan satyn almak bolar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar