“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle hem “Twitter” jemgyýetçilik torunyň eýesi Ilon Mask dünýäniň iň baý adamy diýen derejesini gaýtaryp aldy. Bu derejä birnäçe wagt “LVMH” kompaniýalaryň toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno degişli bolupdy.
“Blumberg” neşiriniň habar bermegine görä, Ilon Maskyň paýnamalary “Tesla” kompaniýasynyň hasabyna 70 göterim artdy. Şeýle hem bu kompaniýa elektromobillere bolan islegiň artmagy bilen hem oňat netijeler gazandy.
“Blumberg” neşiriniň milliarderler reýtingine görä, Maskyň baýlygy 187.1 milliard dollara deňdir. 73 ýaşyndaky Bernar Arnonyň baýlygy bolsa 185.3 milliard dollara barabar boldy.
51 ýaşyndaky Mask 2023-nji ýyla 137 milliard dollarlyk kapital bilen girdi. Şeýle hem dünýäde 200 milliard dollar ýitiren ilkinji adam boldy.
