Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Zenit” toparynyň düzüminde çykyş edýän braziliýaly ýyldyzlar Klaudinio we Malkomyň Russiýanyň raýatlygyny kabul edilmegine rugsat berýän karara gol çekdi we futbolçylaryň resmi taýdan raýatlyk amallaryny tamamladylar.
Bu karar bilen futbolçylara Russiýada ýaşamak, işlemek we sport karýeralaryny dowam etdirmek hukugy berildi.
Russiýanyň ençeme gezek çempiony bolan “Zenit” toparynyň futbolçylary braziliýaly futbolçylar Klaudinio we Malkom resmi taýdan Russiýanyň raýatlary boldular.
Futbolçylaryň Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnamagy üçin Russiýada 5 ýyl ýaşan bolmaly zerurdyr.
