SPORT

Super Mario bilen hoşlaşyldy

Russiýanyň SSKA toparynyň goragçysy Mario Fernandes Russiýanyň milli ýygyndysyndaky karyerasyny tamamlady. 30 ýaşly braziliýaly Fernandes Russiýanyň milli ýygyndysyndaky çykyşyny tamamlajakdygyny belledi.

Mario mundan beýläk topardaky oýnuny has köp üns bermegi maksat edinýär. Mario 2017-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Russiýanyň milli ýygyndysynda çykyş edip başlady. Ol 33 resmi duşuşykda oýnap, 5 gol geçirdi.

Mario Fernandesiň çykyş edýän döwründe Russiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda çärýek finala çenli geldi.

– Russiýanyň futbol geňeşi Mariony ýygyndynyň düzüminde oýnan döwründe görkezen ýokary ussatlygy üçin minnetdar boldy – diýlip, Russiýanyň futbol geňeşiniň beýanatynda bellenilýär.

 

Ýewropada tebigy gazyň bahasy gymmatlady

Ýene-de okaň

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy