Russiýanyň milli çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Zenit” topary bilen Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Şu ýylyň 23-nji martynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu ýoldaşlyk hem-de haýyr-sahawat duşuşygynyň girdejileri Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çekenleriň zerurlyklaryna gönükdiriler. bu barada rus toparynyň baş direktory Aleksandr Medwedew habar berdi.
– Biz “Fenerbahçe” toparynyň ýolbaşçylary we baş tälimçisi bilen şu ýylyň 23-nji martynda Stambul şäherinde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek boýunça ylalaşdyk – diýip, Medwedew belledi.
“Fenerbahçe” topary Türkiýäniň güýçli toparlarynyň biridir. Bu topar Ýewropa ligasynda çykyş edýär. bu ýerde Türkiýedäki betbagtçylykly ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, geçiriljek duşuşygyň girdejileri haýyr-sahawat işlerine gönükdiriler – diýip, rus toparynyň ýolbaşçysy mälim etdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy fewralynda Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde güýçli ýertitreme bolup, köp sanly weýrançylyklara getiripdi.
