JEMGYÝET

Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň kafedralary döredildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi.

Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy.

Gol çekişlik dabarasyny Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew açdy. Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary hanym Stefania Jannini we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa çykyş etdi. Çykyş edenler Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kafedralarynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Soňra Magtymguly adyndaky TDU-niň rektory B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege” kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rectory G.Muhammedow ÝUNESKO-nyň “Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi” kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi.

117 döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri