Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek we kabul etmek boýunça pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Mejlisiň barşynda bu ýerdäki desgalar barada habar berildi.
Bilim ministri G.Ataýewanyň beren hasabatyna görä, häzirki wagtda her biri 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän mekdebiň, 10 sany çagalar bagynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, Ahal welaýat mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Geçirilýän işleriň çäklerinde bilim ulgamynyň sanly çözgütleri, şol sanda “elektron mekdep” ulgamyny, okuw maksatnamalaryna girizilen kitaplaryň ählisini bir ýerde jemleýän sanly kitaphana ulgamyny, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän “Zehin” atly sanly ulgamy girizmek bilen bagly teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de ähli bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek babatda hem degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäherinde bag ekmek boýunça ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny gurmagyň meýilnamasyna laýyklykda, 288 gektara golaý meýdanda bag nahallaryny ekmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda ministrligiň degişli hünärmenleri zerur bolan maslahatlary berýärler hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýärler.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň hasabatyna görä, daşky eltiji sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, 106,5 kilometr optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekildi. Şeýle hem uzynlygy 259 kilometr bolan içerki aragatnaşyk ulgamlary çekiler.
Ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp, işe girizildi. Gurulýan desgalarda “akylly” şäher we “akylly” öý hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýasy işe girizildi.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýewiň hasabatyna görä, dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.
