JEMGYÝET

TDG-niň Samarkant sammitinde agaç nahallary oturdyldy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Sammitiň işi tamamlanandan soňra oňa gatnaşan döwlet ýolbaşçylary Samarkant şäheriniň taryhy Registan meýdanynda agaç nahallaryny oturdylar.

Türki dünýäsiniň jebisliginiň has-da pugtalandyrylmagy üçin geçirilen agaç nahallaryny oturmak çäresi şol bir wagtda Özbegistanyň 14 oblastynda, şeýle hem Gazagystanyň Türkestan şäherinde, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň paýtagtynda hem geçirildi.

 

Related posts

4543 adam ýubileý medaly bilen sylaglanýar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň hil baýragyna mynasyp boldy

BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçysy Türkmenistana geler

Leave a Comment