BILIM

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Amerikanyň “Merriam-Webster” sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady. Ol “gazlaýting” sözi boldy. Neşiriň habar bermegine görä, bu söz psihologiki manipulýasiýa diýmekdir.

Sözlügiň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylda bu sözi gözleýänleriň sany artyp, ol 1740 göterime deň boldy. Bu ýagdaý tutuş ýyl boýunça dowam etdi.

– Häzirki asyrda ýalan habarlar we maglumatlaryň köpelmegi we maglumatsyzlyk bu sözüň has köp ulanylmagyna getirdi – diýlip, sözlügiň beýanatynda bellenilýär.

Sözlügi düzüjileriň bellemegine görä, bu söz 1938-nji ýyldaky pýessadan gelip çykýar. Adamlarda psihologiki manipulasiýa döredilýär. Ol hem adamlaryň öz pikirleriň dogrudygyna bolan ynanjynyň azalmagyna getirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň meşhur söz “waksina” bolupdy.

Related posts

“Ýazuw sungaty” kitaby türk dilinde

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Tagtabazar etrabynda täze mekdep guruldy

Leave a Comment