BILIM

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Amerikanyň “Merriam-Webster” sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady. Ol “gazlaýting” sözi boldy. Neşiriň habar bermegine görä, bu söz psihologiki manipulýasiýa diýmekdir.

Sözlügiň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylda bu sözi gözleýänleriň sany artyp, ol 1740 göterime deň boldy. Bu ýagdaý tutuş ýyl boýunça dowam etdi.

– Häzirki asyrda ýalan habarlar we maglumatlaryň köpelmegi we maglumatsyzlyk bu sözüň has köp ulanylmagyna getirdi – diýlip, sözlügiň beýanatynda bellenilýär.

Sözlügi düzüjileriň bellemegine görä, bu söz 1938-nji ýyldaky pýessadan gelip çykýar. Adamlarda psihologiki manipulasiýa döredilýär. Ol hem adamlaryň öz pikirleriň dogrudygyna bolan ynanjynyň azalmagyna getirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň meşhur söz “waksina” bolupdy.

Related posts

Türkmen döwlet uniwersitetinde Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

Talyp-2022: Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty 

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY: Halkara gatnaşyklary instituty

Leave a Comment