BILIM

Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda Ähtnama gol çekdi

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň we olaryň bilim edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny döretmegiň, onuň netijeliligini üpjün etmegiň we pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Gol çekilen bu resminama Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup, onuň esasy maksady Institutyň talyplary üçin talyp haky maksatnamasy babatda degişli özara düşünişmegi gazanmakdan ybaratdyr.

Ähtnama laýyklykda, TNF-iň tassyklamagynyň esasynda JACAFA we Institut talyp haky beriljek talyplary bilelikde saýlarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, innowasion başlangyçlaryny we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi bolsa ähliumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Related posts

Kaliforniýa uniwersitetinde ALSA-nyň ilkinji umumy mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi: Talyp: 2021

vepa

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi