JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly netijeli häsiýetini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmak esasyndaky ýokary derejedäki dialog ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Abu-Däbä çenli uçuşy amala aşyryp, BAE-niň paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşy aldylar.

Şu gün Abu-Dabi şäherinde türkmen-emirlik gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açmaga gönükdirilen ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär