SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Global pandemiýadan öň alnan halkara uçar biletleri barada

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awaikompaniýasy 2020-nji martyndan öň satyn alnan halkara uçar biletleriň ulanyş möhletini 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli uzaltdy. Bu barada “orient” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.

Çäklendirme sebäpli biletlerini ulanyp bilmedik ýolagçylar bu biletlerini hiç hili goşmaça töleg tölemezden 2023-nji ýylyň martyna çenli çalşyp bilýär.

Biletiň täze senesi 2023-nji ýylyň 25-nji martyndan soňky senäni öz içine almaly däldir.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň martyna çenli bilet satyn alan ýolagçylar çäklendirmeli sebäpli gatnaw ýatyrylan bolsa, bu biletini mutg üýtgedip bilýär. Ýöne üýtgetjek biletiniň senesi 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli bolmalydyr.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awaikompaniýasy häzirki wagtda Dubaýa, Stambula, Kazana, Moskwa we Frankfurta adaty gatnawlary amala aşyrýar.

Related posts

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana ulanmaga berler

Ata Watan Eserleri

Otlylarda saglyk kepilnamasy düzgüni girilizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Yslam Ösüş Banky ýurdumyzyň üç welaýatlarynda onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirer

Leave a Comment