SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana ulanmaga berler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda saparda bolýar. Bu toý sapary döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. Şu gün — 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenbaşy şäherinde “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 400 orunlyk dünýä derejesindäki köpugurly hassahananyň ulanmaga bermäge taýýardygy hasabat berildi.

Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakbejermek boýunça ýöriteleşdirilen ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenilen hassahanada 27 sany bölüm bolup, olarda näsaglaryň bejergi almagy hem-de saglyklaryny dikeltmegi üçin zerur şertler döredildi.

Döwrebap lukmançylyk toplumy dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap innowasion enjamlary bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alynmagy boýunça hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.

Şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin niýetlenilen  4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy hem geçiriler.

Bu taslama “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylar.

 

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe: üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy