DÜNÝÄ

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe: üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna toý sapary bilen gitdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görşi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda 2022-nji ýylda geçiriljek halkara çäreleriň meýilnamasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti aýratyn orun eýelýär. Häzirki wagtda bu ýurtlary köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda giň gerimli bilelikdäki işler amala aşyrylýar.

Şunda energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady ulgamlar, şeýle hem üçtaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen bir hatarda döwletara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitini ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak boýuna degişli işler alnyp barylýar.

 

Boris Jonson Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Related posts

Awaza: Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewa şäherinde geçiriljek SPECA duşuşygyna gatnaşar

Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy