DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Fransiýada ýer şarynyň iň garry ýaşaýjysy aýal dogan Andre aradan çykdy. Fransuz habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ybadathanada hyzmat eden aýal dogan Andreniň hakyky ady Lýusil Randondyr. Ol 118 ýaşynda aradan çykdy.

Ol durmuşynyň soňky ýyllaryny garrylar öýünde ýaşady. Aýal dogan Andreniň ukyda wagty aradan çykandygy mälim edildi.

Lýusil Randon 1904-nji ýylyň 11-nji fewralynda dünýä indi. Ol 41 ýaşynda monahlygy kabul edip, şondan soňra 28 ýyl Wişi şäherindäki hassahanada işledi. Ol ýerde garry adamlara hem-de hossarsyz çagalara hyzmat etdi. Ol 2009-njy ýylda garrylar öýüne ýerleşdirilipdi.

2021-nji ýylda aýal dogan Andre koronawirus pandemiýasy ýeňip geçdi, onuň galýan garrylar öýünde 9 adam bu keselden aradan çykypdy.

Lýusil Randon 2022-nji ýylyň aprelinde 119 ýaşyndaky ýaponiýaly Kane Tanaki aradan çykandan soňra dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hökmünde hasaba alnypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň energetika ministri bilen duşuşdy

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Trampyň Türkiýä ilkinji resmi sapary

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy