DÜNÝÄ

Donald Tramp täzeden prezidentlige dalaşgär boldy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp täzeden ýurduň prezidentligine dalaşgär boldy. Bu barada ABŞ-nyň Federal saýlaw komitetiniň çap eden resminamasynda bellenilip geçilýär.

Şol resminanamada, Trampyň 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgär hökmünde hasaba alnandygy bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda ABŞ-da saýlawlar geçirildi. Şol saýlawlarda Trampyň ozal wekilçilik eden Respublikan partiýasy Wekiller palatasynda üstünlik gazandy. Senatda hem agzalarynyň sanyny artdyrdy.

Şol saýlawlaryň öňüsyrasynda Tramp täzeden dalaşgär boljakdygyny mälim edipdi.

Bu gezek hem Tramp Florida ştatynda özüniň saýlawçylary bilen geçiren duşuşygynda dalaşgärligini hödürländigini mälim etdi. Tramp duşuşykda eden çykyşynda: “Amerikany täzeden iň uly ederin” diýip belläp geçdi. Şeýle hem ol saýlawçylaryndan özüne ses bermegini haýyş etdi.

ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýdeniň hem täzeden dalaşgär bolmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, Tramp 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti bolupdy.

Ýene-de okaň

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler

BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň wekiliýeti Awaza forumyna gatnaşýar

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenbaşa geldi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler