SIZDEN GELENLER

Biziň uniwersitetimiz dünýä sanawynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr. Bu toprakda taryhda öçmejek yz goýan kuwwatly döwletler gurlup, ylym-bilim we medeniýet ýokary derejä çykypdyr. Täze taryhy döwürde hem ýurdumyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän, döwrebap bilim ojaklarynyň ençemesi gurlup, olarda mähriban Watanymyzyň geljegi, nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan talyp ýaşlar kämillige gol berýär. Şeýle bilim ojaklarynyň biri hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.

Ylym-bilim adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhyň ähli döwürlerinde hem ata-babalarymyz ylym-bilime, alymdyr ulamalara aýratyn sarpa goýupdyrlar. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan geçmiş taryhyndan şeýle mysallaryň onlarçasyny tapmak bolar. Taryhy maglumatlarda beýan edilýän gadymy Merwiň, Köneürgenjiň baý kitaphanalary, ylmy ojaklary bu topragyň ylym-bilimiň ojagy bolandygyny tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ylym-bilim ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Bu ösüşiň dowamly, geljeginiň aýdyň bolmagy üçin bolsa ýurdumyzda ähli tagallalar edilýär.

Nebitgaz toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri taýýarlaýan  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda öz mynasyp ornuny aldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak babatda beren tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine bu abraýly sanawa goşmak ugrunda tagalla edilýär. Şonuň netijesinde, şu ýyl biziň ýokayr okuw mekdebimiz her ýyl «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda orun aldy.

Bu abraýly sanawda “habarçy” agza hökmünde kabul edilmegi ýokary okuw mekdebimizde ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek babatda edilýän giň gerimli tagallalaryň aýdyň netijesi bolup durýar.

Sanawda ýokary okuw mekdepleriniň bilim bermek, ylmy barlaglar we halkara gatnaşyklary ýaly ugurlaryna baha berilýär. Biziň uniwersitetimiz hem bilim bermekde hem-de ylmy barlaglar babatda öňdeligi eýelýär. Birnäçe ylmy-barlag we okuw merkezleri hereket edip, has takygy, geljegiň energetikasy hasaplanýan wodorod energetika merkezi bardyr.

Uniwersitetimiz Russiýanyň, Rumyniýanyň, Belorusiýanyň, Ukrainanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň, Koreýanyň, Özbekistanyň we ş.m. öňdebaryjy uniwersitetleri bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary saklaýar.

Mawluda Rahimowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri