JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti: Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary taryhy sapardyr

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary başlandy. Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.

– Siziň saparyňyz taryhy ähmiýete eýedir. Biz hyzmatdaşlygymyzyň köp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belläp geçdi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gazagystan üçin doganlyk ýurtdygyny belläp, iki ýurduň umumy taryhy, medeni we däp-dessurlary barada belläp geçdi.

Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň arasydndaky söwda-ykdysayd hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary maslahatlaşylandygyny belläp, Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň bazaryna eksport edilip bilinjek harytlaryň sanawynyň taýýarlanandygyny belledi.

Söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy. haryt dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmegiň mümkindigi bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 30 ýyl dolandygy we iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda geçirilen GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne hem-de “Mer­ke­zi Azi­ýa — Rus­si­ýa” sam­mi­tlerine hem gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär