JEMGYÝET

2023-nji ýylda 3 million düýp nahal ekiler

Daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda 2023-nji ýylda bak ekmek hakynda kararyň taslamasy hödürlendi.

Meýilnama laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň 3 million düýp nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu resminama gol çekip, bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilik etmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň güýz hem-de ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologik abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär.

Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy