JEMGYÝET

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetiniň teklibine höwes bilen seslenip, bu hormatly we abraýly neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşy hem-de geljegi barada käbir pikirlerin’ beýan etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hususan-da bu beýanynda iki ýurduň arasyndaky ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem ýokary baha berdi.

–  Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry bolup durýar. Elbetde, bu ugurda döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Şeýle-de munuň özi energetika taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem gyzyklanmalarynyň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr.

Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri