JEMGYÝET

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak babatda möhüm resminama gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýylaryny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak babatda Hytaý Halk Respublikasynyň  “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Raşid Meredow hem-de Guwanç Agajanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hasabatdan görnüşi ýaly, bu saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi.

Saparyň çäklerinde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyry özleşdirmek babatda gazanylan ylalaşyk türkmen-hytaý gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrýandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady