SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

2022-nji ýylda lukmançylyk ugry boýunça “Nobel” baýragyna şwesiýaly alym Swante Paabo mynasyp boldy.

“Nobel” baýragyny berýän komitetiň beýanatyna görä, Paabo adamyň ewolýusiýasyny we ýitip giden gominidleriň genlerini açanlygy üçin sylaglandy.

Bu baýrak lukmançylyk ugry boýunça ylym dünýäsinde iň abraýly baýrakdyr. Koronawirus pandemiýasy sebäpli lukmançylyk pudagyndaky bu baýrak has möhüm ähmiýete eýe boldy. Paabo bu baýragy üçin 10 million şwed krony baýrak alar.

Belläp geçsek, bu baýrak şu ýyl yglan edilen ilkinji Nobel baýragydyr.

Related posts

Minsk-Türkmenbaşy ugurly ýörite gatnaw amala aşyryldy

Aşgabat – Moskwa ugurly awiagatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

“Türkmenhowaýollary”: halkara uçar gatnawlarynda täze möhlet

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment