BIZNES

Hindiguş gidroelektrik stansiýasy – “Özboluşly muzeý”

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy  Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy.

Bu duşuşykda ýurdumyzyň elektrik energetika ulgamyndaky ösüşleri barada gürrüň beren Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar, ony daşary ýurtlara eksport edýär. Türkmenistanyň energiýa ulgamynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze, kuwwatly elektrik beketleri hereket edýändigini belledi.

Ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüşiniň taryhy Murgap derýasynda 1,2 megawat kuwwaty bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Ýeri gelende bellesem, onuň gurluşynyň örän täsin taryhy bar. Ol öz döwründe Russiýa imperiýasynyň iň kuwwatly elektrik stansiýasy bolupdyr. Dünýäde şonuň ýaly 110 ýyla golaý taryhy bolan, başda oturdylan enjamlary bilen işläp duran elektrik stansiýasy başga ýokdur. Ony “tehniki pikiriň ýadygärligi” diýip atlandyrmak mümkin. “Özboluşly muzeý” diýip atlandyrsagam bolýar. Onuň bilen gyzyklanýanlaram, gelip görmäge isleg bildirýänlerem köp. Meniň pikirimçe, institutyň talyplaryna-da ony görkezmek gerek. Munuň özi ýurdumyzda energetika ulgamynyň ösüşleriniň nähili ýokarydygyna göz ýetirmäge, häzirki kuwwatly elektrik stansiýalarymyza buýsanjy artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi