BIZNES

“TikTok”-yň esaslandyryjy Hytaýyň iň baý adamy

Dünýä belli “TikTok” jemgyýetçilik torunyň eýesi bolan “ByteDance” kompaniýasynyň esaslandyryjy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi.

41 ýaşyndaky işewür “Bloomberg” neşiriniň milliarderleriniň sanawynda 57.5 milliardlyk emlägi bilen baýlaryň sanawynda orun alýar.

Hytaýyň baýlarynyň sanawynda ikinji orunda “Tencent” telekommunikasiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ma Huaten barýar we onuň baýlygy 56.6 milliard dollara barabardyr. Bu kompaniýa degişli bolan “WeChat” jemgyýetçilik torundan 1.3 milliard adam peýdalanýar.

Sanawda ilkinji üçlükde “Nunfu” arassa agyz suwy markasynyň esaslandyryjy bolan 70 ýaşyndaky Çžun Şanşan bolup, onuň baýlygy 54.1 milliard dollara deňdir.

Aziýanyň iň baý adamy hindistanly Mukeş Ambanidir. Onuň emlägi 90.9 milliard dollara çenli azaldy. 2024-nji ýylda onuň baýlygy 120 milliard dollardan gowrakdy. Häzirki wagtda ol dünýä baýlarynyň sanawynda 17-nji orunda.

Dünýäniň iň baý adamy hökmünde Ilon Mask kabul edilýär we onuň baýlygy 336 milliard dollara barabardyr.

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär