BIZNES

Ermenistanyň farmasewtika kompaniýalary Türkmenistana eksportuny artdyrmagy meýilleşdirýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýerewan şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň 10–njy mejlisi geçirildi. Bu mejlisde çykyş eden Ermenistanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Narek Owakimýan öz ýurdunyň farmasewtika kompaniýalarynyň Türkmenistana farmasewtiki öünmleriň eksportunyň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ermenistanyň metbugatynyň habar bermegine görä,  hökümetara toparynyň mejlisleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze mümkinçilikleri açmak üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Ministriň orunbasary iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ol öz ýurdunyň farmasewtika kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanýandygyny belläp, iki ýurduň farmasewtika kompaniýalarynyň hem-de derman serişdelerini import ediji kompaniýalaryň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy teklip etdi.

Ministriň orunbasary Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda hökümetara toparynyň mejlisleriniň geçirilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky aýratyn ykdysady we dostlukly gatnaşyklara şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Related posts

Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämi ýygnalýar

Türkmenistan’dan çimento fabrikası için Uluslararası Yatırım İhalesi

vepa

«Awazanyň ýalkymy» atly binagärlik toplumy açyldy

vepa